Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy

05.04.2025

223

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly köpçülikleýin sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly talyplaryň arasyndaky sport ýaryşlary ussatlary ýüze çykarmak bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny äşgär edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sportuň woleýbol, futzal, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça bäsleşmek bilen özleriniň ussatlyklaryny görkezýärler. Sport ýaryşlary adybir halkara ylmy-amaly maslahaty, daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda ussatlyk we görkezme sapaklar, sport üstünlikleriniň sergisi bilen Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyldy.

Dabaranyň açylyşynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz we tans topary, şeýle-de ýaş gimnastikaçylar topary çykyş etdiler. Olar dabaranyň myhmanlaryna ýatdan çykmajak täsirleri paýladylar. Şeýle çäreler diňe bir sportuň ähmiýetini wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ruhlandyrmakda hem uly orna eýedir. Sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine uly üns berilýän ýurdumyzda şeýle çäreleriň geçirilmegi milli sportuň ösmegine itergi berip, ýaş nesliň sagdyn hem-de ruhubelent ösmegine mümkinçilik döredýär.

Berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Arslan MYRADOW, 

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Ylym bölüminiň hünärmeni.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address