Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara maslahat geçirildi

05.04.2025

228

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara maslahat geçirildi

Belarus Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Ermenistan Respublikasyndan, şeýle hem ýurdumyzdan ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, alymlar, tälimçiler işjeň gatnaşdylar. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, sport ugurly ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, bedenterbiýe we sport ulgamynyň hünärmenleri hem-de talyp ýaşlary, şeýle hem, Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriň halkara birleşiginiň, Ýewraziýa sport ylymlary birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri maslahatda sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda sportuň jemgyýetde parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmekdäki ornuna, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmegine ýetirýän täsirine, sport diplomatiýasynyň häzirki zaman ösüşine degişli giň göwrümli ylmy çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda halkara tejribeler paýlaşyldy, ylmy barlaglaryň netijeleri, innowasion çemeleşmeler we täze garaýyşlar beýan edildi.

Maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi oňa gatnaşan halkara hyzmatdaşlarynyň hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleriniň beren ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şeýle ylmy duşuşyklar ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanmagyna uly itergi berýär.

Maslahatyň jemleri ýurdumyzda sport we ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmekde, ýaşlary sport arkaly terbiýelemekde hem-de halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara maslahata gatnaşyjylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, şeýle hem guramaçylyk toparyna döredilen giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Arslan MYRADOW, 

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Ylym bölüminiň hünärmeni

Şeýle hem okaň: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address