Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

“Bagtyýar nesillerimiziň sagdynlygy- Watanymyzyň Baş baýlygy” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi

06.04.2025

186

“Bagtyýar nesillerimiziň sagdynlygy- Watanymyzyň Baş baýlygy” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bütindünýä saglyk gününiň öň ýanynda 2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň döwlet usuly merkezi bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde “Bagtyýar nesillerimiziň sagdynlygy- Watanymyzyň Baş baýlygy” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu ylmy-usuly maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimligi gurady.

Däp bolşy ýaly, maslahata gatnaşan öňdebaryjy bilim işgärleri mekdep muzeýi bilen tanyşdylar. Döwlet Baştutanlarymyzyň atalyk kitaplaryndan düzülen kitap sergisine syn etdiler.

Mekdebiň mejlisler zalynda geçen ylmy-usuly maslahatyň barşynda täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyşyň başynda TMBI-niň direktory B.Bäşimow maslahaty açyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýarlygy, abadançylygy, jemgyýetiň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyny, çagalar baradaky hemmetraplaýyn alada, olary Watanymyza söýgi, onuň taryhyna we medeniýetine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek ugrunda guwandyryjy işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu dogrusynda 28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli “Çagalara mähirli garaýyş-bagtyýar geljegiň girewidir” atly ylmy-usuly maslahatyň geçirilendigini belledi.

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Zähmet we hünär okuwy bölüminiň uly ylmy işgäri M.Bäşimowa, Aşgabat şäheriniň 103-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi G.Agalyýewa, Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy G. Akadowa, Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslerine ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Ş.Ýegelekowa hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri P.Gökbaýewa dagylar täsirli çykyş etdiler.

Usuly-amaly maslahatda çykyş edenler sagdyn çagalar- Watanymyzyň buýsanjydygyny, mekdebe çenli çagalar edaralarynda taplama çäreleri çagalaň saglygynyň girewidigini giňişleýin beýan edip, sapaklarda we sapakdan daşary işlerde Watanymyzyň Baş baýlygy ýaş nesillerimiziň saglygyny berkitmegiň döwrebap usullary barada , himiýa sapaklarynda iýmitiň himiki düzüminiň öwretmegiň usullary bilen , ýaş nesliň  sagdyn iýmitlenmegi üçin bilim-terbiýe bermekde peýdalanmagyň usullary boýunça degişli maslahatlary berdiler.

Usuly amaly maslahatda bilim işgärleri döwrümize mynasyp bilimli, watansöýüji, ilhalar nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň ýollary barada  hem özara pikir we tejribe alyşdylar.

Çykyş edenler Watanymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ogulşat Durdyýewa

 Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň

Berdimuhamet Annaýew adyndaky

maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we

kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen

27-nji orta mekdebiň müdiri

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address