Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Talyp türgenimiz Dünýä kubogynda kümüş medal gazandy

10.04.2025

231

Talyp türgenimiz Dünýä kubogynda kümüş medal gazandy

2025-nji ýylyň 5-10-njy apreli aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Jiangyin şäherinde geçirilýän IWUF-nyň 10-njy “Sanda” Dünýä Kubogynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Göwher Gowşudowa 70 kg agram derejesinde kümüş medal gazanmagy başardy.

Dünýä kubogy Halkara Uşu federasiýasy (IWUF) tarapyndan 2002-nji ýyldan bäri gurnalýan ýokary derejeli sport bäsleşigidir. Bu ýylky ýaryşa dünýäniň 26 ýurdundan 170-e golaý türgen gatnaşyp, erkekler we zenanlar üçin 18 agram derejesinde 18 dürli medal toplumy üçin bäsleşilýär.

Soňky ýyllarda dünýäde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň türgenleri, şol sanda zenan türgenlerimiz halkara derejede geçirilýän giň möçberli sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, ýokary netijelere eýe bolýarlar. Olaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary ýurdumyzda gender deňliginiň ähli kadalarynyň ýokary derejede amal bolýandygynyň beýanydyr. Bu bolsa sagdyn nesilleriň kemala getirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şu maksat bilen, eneleri we çagalary, maşgala gymmatlyklaryny goramak, zenanlaryň döredijilik, aň-paýhas mümkinçiliklerini ösdürmek, şol bir wagtyň özünde zenan türgenleriniň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.

Arslan MYRADOW, 

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Ylym bölüminiň hünärmeni

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address