Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

«HAKYDA GÖWHERI» — SÖZLERIŇ DÜRI» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

11.04.2025

160

«HAKYDA GÖWHERI» — SÖZLERIŇ DÜRI» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Ata-babalarymyzyň döreden milli mirasy, gymmatlyklary, baý taryhy babatda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ylmy eseri biz ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda beýan edilýän döwletimiziň şöhratly taryhy we köpasyrlyk taryhy-medeni ýadygärlikleri, ruhy-medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary talyp ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda beýan edilýän maglumatlar dogrusynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Hakyda göwheri» — sözleriň düri» atly onlaýn görnüşde bäsleşik geçirildi. Gyzykly geçen bäsleşige ýurdumyzyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda 66 talyp gatnaşdy. Gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda beýan edilýän maglumatlaryň esasynda 100 sany test soraglary hödürlenildi we munuň özi talyp ýaşlaryň öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäge uly mümkinçilik boldy. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI

Kakageldi Çaryberdiýew

Aba Annaýew adyndaky

Halkara atçylyk akademiýasynyň

mugallymy, Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address