Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Belarus Respublikasynyň Gomel şäherinde Belarus döwlet ulag uniwersitetinde “Nazary mehanika” dersinden geçirilen ders bäsleşiginde görkezen netijeleri

16.04.2025

263

Belarus Respublikasynyň Gomel şäherinde Belarus döwlet ulag uniwersitetinde “Nazary mehanika” dersinden geçirilen ders bäsleşiginde görkezen netijeleri

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmekde, olaryň dünýäde ylmyň gazananlary bilen aýakdaş gitmekleri üçin durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli we adyl syýasatlaryna esaslanyp, giň gözýetimli, häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamak we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejesine çykarmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, talyp ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň ylmy-döredijilik işlerine hem-de halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýokary derejede çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýardamy bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda institutymyzyň talyplary 2025-nji ýylyň 8-14-nji apreli aralygynda Belarus Respublikasynyň Gomel şäherinde Belarus döwlet ulag uniwersitetiniň guramagyndaky “Nazary mehanika” dersindengeçirilen “ХIХ Halkara talyplaryň olimpiadasyna” gidip gatnaşdylar. Belarus döwlet ulag uniwersitetiniň guramagynda “Nazary mehanika” dersinden geçirilen “ХIХ Halkara talyplaryň olimpiadasyna” 4 döwletden 110-dan gowrak talyplar gatnaşdylar. Gatnaşan döwletler Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Türkmenistan döwleti we Belorus Respublikasy jemi 23 sany ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Halkara ders bäsleşigine gatnaşan talyplarymyzyň 2-si baýrakly orunlara mynasyp boldylar.

Şeýle, hem bäsleşigiň toparlaýyn görnüşinde institutymyzyň talyplary III orna mynasyp boldylar. Bäsleşikde baýrakly orna mynasyp bolan talyplar aşakdakylar:

  1. Ýazjumaýewa Aýna Azadowna Metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary hünäriniň 4-nji ýyl talyby III orna,
  2. Ataýewa Dursunjemal Hanmyradowna Elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby III orna mynasyp boldylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address