
News
664

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň apreliniň üçünji ongünlüginde daşary ýurt döwletleriniň mekdepleriniň wekilleriniň we okuwçylarynyň Türkmenistana sapary boldy. Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän II Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak maksady bilen gelen myhmanlary howa menzilinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri gyzgyn garşyladylar. Geçirilmegi däbe öwrülen zehin bäsleşigine gatnaşmak maksady bilen, daşary ýurtlaryň zehinli mekdep okuwçylaryň merjen şäherimizde myhmançylykda.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan hemişelik Bitaraplygymyzyň indi üçünji gezek BMG tarapyndan ykarar edilýän ýylynyň ruhuna laýyk getirilýän bilim-terbiýeçilik çäreleri giň gerime eýe bolýar. Döwlet meýilnamasy esasynda alnyp barylýan halkara bilim gatnaşyklary ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi babatda amala aşyrylýan beýik işleriň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistanda geçirilýän, bilimi ösdürmegiň maksatlaryna gönükdirilen halkara çäreleriň çäginde häzirki döwürde ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly bolmagyny hem-de berilýän bilimiň, amala aşyrylýan bilim maksatnamalarynyň dünýä ülňüleriniň ösen talaplaryna laýyk getirilmegini gazanmak asylly ýörelgä öwrülýär.
Mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyAşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 21-nji aprelinden 26-njy apreline çenli dowam eder. Bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň meýilnamasy öňünden düzüldi. Olimpiada gatnaşmaga gelen daşary ýurtly okuwçylary we olaryň topar ýolbaşçylaryny türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerinde garşylamak, olary gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen tanyşdyrmak, zehinli çagalatyň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi berkitmek, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ylym-bilim ulgamyndaky täze gazanan üstünliklerini paýlaşmak maksady bilen, medeni çäreleriň giňişleýin tapgyry amala aşyryldy.
Aprel aýynyň üçünji ongünliginde geçirilmegi meýilleşdirilen şu gezekki halkara olimpiada daşary ýurtlaryň 14-sinden jemi orta mekdeplere wekilçilik edýän okuwçylaryň 170-siniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Bolgariýa Respublikasynyň, Wietnam Sosialistik Respublikasynyň, Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar döwletiniň we beýleki dostlukly ýurtlaryň umumybilim berýän okuw mekdeplerinde bilim alýanlardyr. Paýtagtymyzda geçirilýän bu gezekki II Halkara matematika olimpiadasyna mekdep okuwçylarynyň arasynda ilkinji gezek gatnaşýanlaryň, ýagny ýurdumyza ilkinji gezek gelip görýän çagalaryň hem bolmagy, olar üçin tolgundyryjy pursatlary döretdi.
“Bilim” žurnaly