Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Göreş görnüşleri boýunça ýaryşlar - üstünlikli çykyşlaryň dowamy

23.04.2025

168

Göreş görnüşleri boýunça ýaryşlar - üstünlikli çykyşlaryň dowamy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň nobatdakysy grek-rim we erkin göreş boýunça ýaryşlar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň sport toplumynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Sportuň erkin göreş görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň türgenleri ýokary ussatlyk bilen çykyş edip, birinji orna eýe boldular. Ikinji orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary, üçünji orny bolsa Türkmen döwlet maliýe institutynyň topary mynasyp boldular.

Bu bäsleşikler ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmakda, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmekde, şeýle hem sportuň dürli görnüşleriniň giňden wagyz edilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýelizaweta RAHMANOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň

sport hünäriniň 4-nji ýyl talyby

Çeşmesi: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address