Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Uniwersitetimiziň talyplary Russiýanyň ITMO uniwersitetiniň guramagynda geçirilen matematika bäsleşiginde altyn medallara mynasyp boldular

23.04.2025

306

Uniwersitetimiziň talyplary Russiýanyň ITMO uniwersitetiniň guramagynda geçirilen matematika bäsleşiginde altyn medallara mynasyp boldular

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 20 — 22-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň ITMO uniwersitetiniň guramagynda 11-nji Demirgazyk döwletleriň uniwersitetleriniň talyplarynyň matematika bäsleşiginde şahsy hasapda 7 altyn, 9 kümüş medala mynasyp boldular. Bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Şabibi Nurjanowa, Hajymuhammet Ataýew, Orazguly Gylyjow altyn medala eýe boldular. Toparlaýyn bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary birinji orna mynasyp boldy.

Şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Selbi Ruslanowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gülöwser Gylyçmämmedowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Muhammet Annaýew, Mergen Meredow altyn medala, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Rahmet Penjiýew, Kerim Toýlyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwletgeldi Şakirjanow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Yslam Haýytmuhammedow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Begenç Saparow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Gurtgeldi Hanow, Myrat Janmyradow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Batyr Öwezmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Baýram Turaýew kümüş medala mynasyp boldular.

Toparlaýyn bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň topary ikinji orny, Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň topary üçünji orny eýeledi.

Bu abraýly bäsleşige Türkmenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Senegal döwletiniň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinden 351 talyp gatnaşdy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address