Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XI SYNPY ÜÇIN «TÜRKMEN DILI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

23.04.2025

297

UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XI SYNPY ÜÇIN «TÜRKMEN DILI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Türkmen dili gadymy dilleriň biri bolup, bu dilde ulanylýan sözler özüniň giň manysy, paýhasly pikirleri saklaýandygy bilen tapawutlanýarlar.

Türkmen diliniň ýazuw we sözleýiş görnüşlerini kämilleşdirmekde uly işler alnyp barylýar. Şeýle işleriň hatarynda 2026-njy ýylda neşir edilen iki tomdan ybarat «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügini», şeýle hem «Türkmen diliniň orfografik sözlügini» görkezmek bolar. Bu sözlüklere türkmen diliniň soňky döwürdäki ösüşine degişli sözleriň girizilendigini bellemek gerek.

Ýaňy-ýakynda umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan XI synpy üçin «Türkmen dili» okuw kitaby (awtorlary: M.Penjiýew, K.Babaýew, G.Abdyýew, M.Goşaýewa, O.Durdyýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi.

Okuw kitaby girişden, türkmen diliniň fonetikasy, türkmen diliniň leksikasy, türkmen diliniň sintaksisi, türkmen diliniň morfologiýasy, tekst ýaly bölümlerden ybarat bolup, olarda berilýän maglumatlar okuw maksatnamasyna laýyklykda beýan edilýär. Fonetika bölüminde türkmen dilindäki sesler, olara mahsus bolan aýratynlyklar, ýagny diliň ses gurluşy öwrenilýär. Leksikologiýa bölüminde dilde bar bolan sözleriň manysy, gelip çykyşy, ulanylyş aýratynlyklary we stillere gatnaşygy seljerilýär. Morfologiýa grammatikanyň bir bölümi bolup, söz toparlaryny we goşulmalary öwrenýär. Sintaksis bölüminde söz düzümi we sözlemler öwrenilýär. Stilistikada bolsa dil birlikleriniň stilistik aýratynlyklary, şeýle hem türkmen diliniň sözleýiş stilleri öwrenilýär. Her bölümiň ahyrynda ýerleşdirilen barlagnamalar bolsa, türkmen dilini öwrenmegiň derejesini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address