Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «NAZARY FONETIKA» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

23.04.2025

298

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «NAZARY FONETIKA» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin neşir edilen «Nazary fonetika» okuw kitaby iňlis dili hünäriniň talyplaryna niýetlenendir. Onda talyplara fonetikanyň nazary esaslaryny öwretmekden, täze kursuň nazary bilimlerini amalyýet bilen baglanyşdyrmakdan ybarat maksat goýulýar. Bu okuw kitaby talyplara iňlis diliniň çekimli we çekimsiz seslerini, ses birikmelerini dogry aýtmaga, bogun, basym, äheň ýaly fonetik adalgalara içgin düşünmäge ýardam berer. 

Okuw kitabynyň wezipesi häzirki zaman lingwistikasynda bar bolan nazary fonetikanyň bölümlerini ulgamlaşdyrmagy we ony talyplara düşnükli dilde beýan etmegi, häzirki zaman iňlis diliniň fonetikasynyň bölümleri barada giňişleýin maglumat bermegi, talyplaryň öwrenýän bilimlerini doly gözegçilikde saklamagy göz öňünde tutýar.

Bu okuw kitaby üç bapdan ybarat bolup, ol hödürlenilýän materialyň aýratynlygy bilen kesgitlenilýär.

Okuw kitabynyň birinji babynda, ýagny nazary bölüminde häzirki zaman iňlis diliniň fonetikasynyň we fonologiýanyň esasy nazary maglumatlary gysgaça beýan edilýär. Her umumy okuwdan soň gelýän amaly sapaklaryň çäginde bolsa umumy okuwlary berkitmek üçin ýörite birnäçe soraglar hödürlenilýär. Bu ýerde bellenilmeli zatlaryň biri nazary sapaklaryň gysga görnüşde berilýändigidir. Şeýle-de okuw materialyny doly özleşdirmek maksady bilen her sapagyň öňünden talyplara görkezilen umumy edebiýatlaryň üstüne goşmaça edebiýatlaryň hem hödürlenilýändigi bellenilmelidir. 

Okuw kitabynyň ikinji bölümi amaly sapaklar üçin gönükmeleri öz içine alýar. Bu gönükmeler talyplaryň nazary sapaklarda öwrenen bilimlerini amaly taýdan berkitmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem onda fonetikanyň nazary, lingwistikanyň beýleki bölümlere bolan aragatnaşygy beýan edilýär we nazary hem-de kadaly (normatiw) fonetikanyň özara gatnaşygyny ýola goýýar. Bu bölümdäki gönükmeler ýönekeýden çylşyrymla tarap görnüşde berlip, okuwyň umumy bölümlerinde berlen anyk fonetik hadysalaryň özleşdirilmegine gönükdirilendir.

Okuw kitabynyň üçünji bölümi, köplenç, türkmen talyplarynda kynçylyk döredýän iňlis diliniň sesleriniň we ses gezekleşmeleriniň türgenleşdirilmegine gönükdirilen birnaçe gönükmeleri öz içine alýar. Olara:

a) yzygider sözleýişde iňlis diliniň seslerinde ýüze cykýan ses üýtgemeleri we olaryň ýazuwda ulanylyşy barada maglumatlar;

b) iňlis diliniň esasy intonasion konturlarynyň abstrakt taýdan geçirilişiniň usullary barada maglumat;

ç) iňlis tekstlerinde hödürlenýän fonetik hadysalaryň yzygider derňewiniň çyzgysy girýär.

Bu okuw kitabynda talyplara fonetikanyň esasy dil birlikleri we serişdeleri bolan fonemalar, çekimli we çekimsiz sesler, monoftonglar, diftonglar, bogun, basym we äheň barada jikme-jik maglumatlar berilýär. Onuň ahyrynda fonetik adalgalaryň düşündirişli sözlügi getirilýär we onda fonetika degişli, talyplara öň nätanyş bolan adalgalaryň düşündirilişi we transkripsiýasy iňlis dilinde berilýär. Munuň özi talyplaryň bu adalgalaryň aňladýan manysyna oňat düşünmeklerine we olary dogry aýdyp bilmeklerine oňat täsir eder. Şeýle hem, okuw kitabynyň ahyrynda fonetik adalgalaryň iňlis-rus-türkmen dilindäki sözlüginiň berilmegi hem talyplara bu adalgalary oňat öwrenmeklerine ýardam berer.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Bilim ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri, hemaýat-goldawlary üçin köp sagbolsun aýdýarys.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address