Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň taryhy boýunça ders bäsleşigi geçirildi

25.04.2025

324

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň taryhy boýunça ders bäsleşigi geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy, 11-nji, 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy boýunça ders bäsleşigi geçirildi.

10-njy aprelde geçirilen ders bäsleşigine Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, şeýle hem Mary welaýatynyň mekdep okuwçylary Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda, Balkan welaýatynyň mekdep okuwçylary Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebinde, Daşoguz welaýatynyň mekdep okuwçylary Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Ders bäsleşigine jemi 395 okuwçy gatnaşdy.

Bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmekden, sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleri bilen orta mekdepleriň özara aragatnaşygyny pugtalandyrmakdan, bilim bermegiň hil derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ders bäsleşiklere gatnaşýan okuwçylaryň ýokary derejede taýýarlygyny gazanmakdan, okuwçylarynyň aň-bilim ösüşi bilen bagly bolan hünärleri saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmekden ybarat boldy.

Türkmenistanyň taryhy boýunça ders bäsleşiginiň netijesini ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address