Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Sportda gazanylan üstünliklere bagyşlanan hoşallyk maslahaty

25.04.2025

387

Sportda gazanylan üstünliklere bagyşlanan hoşallyk maslahaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sport ulgamyny ösdürmek, ýaş nesli beden we ruhy taýdan sagdyn hem-de giň dünýägaraýyşly nesiller hökmünde terbiýelemek ugrundaky giň gerimli işler üstünlikli dowam etdirilýär.

2025-nji ýylyň 22-25-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen halkara ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň guramagynda dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň türgenleriniň halkara ýaryşda gazanan üstünlikleri, olaryň ýokary sport ussatlygy, ruhubelentligi we watansöýüjilik duýgulary bilen çykyş edendikleri barada buýsanç bilen bellediler. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşda 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç, jemi 28 medaly gazanmagy olaryň çynlakaý taýýarlygynyň hem-de ýurdumyzyň sport ulgamyndaky ösüşiniň aýdyň subutnamasy boldy.

Hoşallyk maslahatynda aýratyn nygtalşy ýaly, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleriniň birnäçesiniň halkara ýaryşda ýeňiji bolup, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolmagy ýaşlaryň ýokary sport ruhubelentligini görkezýän buýsançly wakalaryň giňden beýanydyr.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, Ýüzlenme kabul edildi. Şeýle-de, dabaranyň dowamynda institutyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň çykyşlary aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döretdi.

Sportda gazanylýan üstünlikler eziz Watanymyzyň halkara sport abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ilaman ÇÜRIÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 

sport žurnalistikasy hünäriniň talyby

Çeşmesi:Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address