Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Turkmenistan-Korea Information Access Center

Koreýa Respublikasynyñ Türkmenistandaky Ilçihanasy Milli Taekwondo merkezine ýörite egin-eşikleri gowşurdy

20.09.2024

143

Koreýa Respublikasynyñ Türkmenistandaky Ilçihanasy Milli Taekwondo merkezine ýörite egin-eşikleri gowşurdy

18-nji sentýabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiñ Ýeñil atletika boýunça ýapyk toplumynda Koreýa Respublikasynyñ Ilçihanasynyñ adyndan Türkmenistanyñ Milli Taekwondo merkezine bu başa-baş söweş sungaty bilen meşgullanmak üçin ýörite egin-eşikleriñ gowşurylyş dabarasy geçirildi. 

Ilçihana Taekwondo üçin niýetlenen 180-den gowrak egin-eşikleri, ýagny kimono (dobok), şlemleri, döşlükleri, el we aýak üçin goraýjy esbaplary, ellikleri sowgat berdi. 

Koreýa Respublikasynyñ Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrligi hem-de Taekwondo ösüşine goldaw bermegiñ Gaznasy gowşurylyşyñ hemaýatkärleri hökmünde çykyş etdiler. 

Koreýa Respublikasynyñ Ilçisi Ji Kýu-Taek dabaranyñ dowamynda Türkmenistanda mundan beýläk hem thekwondo sportuny wagyz etmekde we onuñ ýaýbaňlandyrylmagyna ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

Milli Taekwondo merkeziniñ müdiri Bäşim Rozyýew öz gezeginde bildirilen gyzyklanma we goldaw üçin Koreýa Respublikasynyñ Ilçihanasyna minnetdarlygyny bildirdi.

Bu çäre Türkmenistanda Taekwondo mekdebine goldaw bermekde koreý tarapynyñ ilkinji çäresi däldir. Diplomatik wekilhanasynda bellenilişi ýaly, 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyñ Ilçisiniñ kubogyny almak üçin ýylsaýyn thekwondo boýunça ýaryşlar geçirilýär. Şu ýyl Ilçiniñ kubogyny almak üçin Taekwondo ýaryşlaryna (24-25-nji awgust) 180-den gowrak türgen gatnaşdy. 


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address