Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ XV MEJLISI GEÇIRILDI

23.04.2025

93

HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ XV MEJLISI GEÇIRILDI

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň baýramy uly şatlyk-şowhun bilen giňden bellenip geçilýär. Bu baýramyň bellenilýän günlerinde 2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Halkara ahalteke atçylyk assosasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Säher bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisine gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binasynyň öňünde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra myhmanlar ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde çeper beýan etmek boýunça döredijilik eserleriniň sergisine tomaşa etdiler.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda çykyşlarda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler we guramaçylyk meseleleri barada bellenilip geçildi. Mejlisiň barşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Katerina Ýakob çykyş edip Türkmenistanda atçylyk pudagyny, atly sporty ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny belläp geçdi. Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Özbegistan Respublikasynyň «Uzbegim» atçylyk hojalygynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Awaz Ismailow, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Garagum ahalteke» atçylyk hojalygynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Jessika Eýle Keýt, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Blanka de Toledon we başgada birnäçe daşary ýurtly atşynaslar wideo aragatnaşyk arkaly çykyş etdiler.

Mejlisiň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Permany okaldy hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dolandyryş müdiriýetiniň çözgüdine laýyklykda assosiasiýanyň düzümine türkmen we daşary ýurtly täze agzalar kabul edildi.

Mejlise gatnaşyjylar türkmen halkymyzyň gymmatly baýlygy bolan ahalteke bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmäge, atşynaslyk we seýisçilik sungatyny, behişdi bedewlerimizi halkara derejesinde dabaralandyrmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Kakageldi Çaryberdiýew,

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk 

akademiýasynyň mugallymy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address