Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Täze okuw kitaby resmi neşir edildi

28.04.2025

669

Täze okuw kitaby resmi neşir edildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň köpçülikleýin görnüşleri kafedrasynyň tälimçi-mugallymy Jennet Döwranowanyň ýurdumyzyň ussat tälimçileri Aýna Mämmedowa we Pawel Perewaruha bilen awtordaşlyk etmeginde «Gandbol oýnunyň nazaryýeti we usulyýeti» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan resmi neşir edildi. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda sport oýunlarynyň giňden oýnalýan görnüşleriniň biri bolan gandbol oýny ýaş nesilleri beden taýdan taýýarlamakda, sagdyn ruhda terbiýelemekde möhüm orny eýeleýär. Bu okuw kitabynyň wezipesi bedenterbiýe mugallymlaryna, tälimçilere we türgenlere gandbol oýnunyň düzgünlerini, sport-türgenleşik işleriniň düzülişiniň hem-de işlenilişiniň esaslaryny, türgenleri tehniki we taktiki taýdan taýýarlamagyň usulyýetlerini, ýaryşlaryň guralyşynyň hem-de geçirilişiniň aýratynlyklaryny giňişleýin öwretmekden ybaratdyr.

Gandbol oýnunyň baý taryhy bar. Gadymy döwürlerde hem häzirki gandbol oýnunyň alamatlaryna meňzeş toply oýunlar bolupdyr. Gandbol oýny 1898-nji ýylda Daniýanyň Ordrup şäheriniň orta hünär mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Holger Nilsen (1866-1955ý.) tarapyndan döredilýär. Bu oýny ol öz okuw sapaklarynda her tarapda 7 adamdan ybarat bolan topar düzüp, uly bolmadyk meýdançada oýnadypdyr we bu oýny «Handball» diýip atlandyrypdyr.

«Gandbol oýnunyň nazaryýeti we usulyýeti» okuw kitabynda gandbol oýnunyň taryhy we sport türgenleşik işleriniň düzülişi, tapgyrlaýyn geçiriliş aýratynlyklary, türgenleri tehniki we taktiki taýdan taýýarlamagyň usulyýeti beýan edilýär. Ýaş türgenleriň beden we akyl taýdan fiziologik ösüşine yzygiderli gözegçilik etmek üçin geçirilýän lukmançylyk gözegçilikleriniň sanawy hem-de gandbolçylaryň iýmitleniş düzgünleri we iýmitleriň düzümi, hili, ýokumlylygy barada maglumatlar getirilýär. Okuw kitabynda gandbolçy türgenler bilen alnyp barylmaly, ýerine ýetirilmeli işleriň maksatnamasy, gün tertibi çyzgylarda we tablisalarda berilýär.

Okuw kitaby ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport ugrundan bilim alýan talyplar üçin niýetlenilip, ondan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan tälimçiler, orta we ýokary okuw mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlary, sport mekdepleriniň hünärmenleri peýdalanyp bilerler.

Arslan MYRADOW, 

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Ylym bölüminiň hünärmeni.

Çeşmesi: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address