Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

ÝÜREKLER ALKYŞDAN DOLY

25.04.2025

108

ÝÜREKLER ALKYŞDAN DOLY

Türkmenistanyň halk atşynasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny ylmy esasda öwrenmäge, seýisçilik sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda meşhur behişdi bedewleriň milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, baş edarasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Şu ýyl onuň döredilenine 15 ýyl doldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmen bedewiniň milli baýramynyň toýlanýan ajaýyp günlerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen “Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV  mejlisinde” bu abraýly halkara assosiasiýanyň agzasy bolmak bagty maňa miýeser etdi. Biz hem şeýle döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, ýurdymyzyň atçylyk pudagyny ösdürmekde, talyp ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermekde, hünär öwretmekde öz ukyp başarnygymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda işlemäge Arkadag şäherinde ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys. Goý Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Nowruzälem GURDOW

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk

akademiýasynyň mugallymy, Halkara

ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address