Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda "Suhangöýlük" sungaty boýunça bäsleşik geçirildi

30.04.2025

445

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda "Suhangöýlük" sungaty boýunça bäsleşik geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriñ hemmetaraplaýyn ösmegine, olaryň döredijilik ukyplarynyň kämilleşmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň bilim ulgamynda hem-de ýaşlar syýasatynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler ýaşlaryň ruhubelentligini, watansöýüjiligini, ylmy we döredijilik başarnyklaryny artdyrmaga gönükdirilýär. Şu belent maksatlara laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen "Suhangöýlük" sungaty boýunça bäsleşik 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary guramaçylykly geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady ýaş, zehinli suhangöýleri ýüze çykarmak, ýaşlarda döredijilikli pikirlenmek endiklerini terbiýelemek, ýaşlaryň liderlik we ugurtapyjylyk häsiýetlerini ösdürmek, milli bähbitlerimize laýyklykda pikirlenýän, Watana wepaly ýaş nesli kemala getirmekden, ene dilimiziň baý we köptaraplaýyn mümkinçiliklerini açyp görkezmek hem-de ýaşlaryň dil başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň birinji tapgyry 2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde ýazmaça test görnüşinde geçirildi. Bu tapgyra jemi 40 sany talyp gatnaşdy. Test tapgyrynda bilimlerini we taýynlyklaryny subut eden 6 sany zehinli talyplar ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşigiň ikinji tapgyryna geçmäge hukuk gazanan talyplar ilki bilen “Türkmenistanyň daşary syýasaty we hemişelik Bitaraplygy” diýen möhüm tema boýunça çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň, halkara gatnaşyklardaky üstünlikleriniň ähmiýeti giňişleýin açylyp görkezildi. Soňra bolsa, gatnaşyjylara öňünden mälim bolmadyk dürli temalar hödürlenildi we gatnaşyjylar şol temalar boýunça gyzgalaňly, döredijilikli hem-de täsirli çykyşlary bilen improwizasiýa başarnyklaryny görkezdiler. Bu ýagdaý olaryň tiz pikirlenmek, täsirli sözlemek, ýiti düşünmek we ýagdaýlara çeýe jogap bermek ukyplaryny synagdan geçirdi.

Bäsleşigiň dowamynda çykyş eden talyplar ýokary söz ussatlygyny, çuňňur düşünjeli we döredijilikli pikirlenmek başarnyklaryny görkezmegi başardylar. Çykyşlaryñ netijeleri boýunça Marketing fakultetiniň talyby Begenç Halbaýew öz ukyp-başarnygy, söz ussatlygy bilen beýleki gatnaşyjylardan tapawutlanyp, bäsleşikde I orna mynasyp boldy.

 “Suhangöýlük” sungaty boýunça geçirilen bu bäsleşik ýaşlaryň döredijilik hem-de medeni derejesini ýokarlandyrmakda, olaryň özboluşly pikirlenmek ukybyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmen ýaşlaryna ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Şirmuhammet NUNNAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet

we dolandyryş institutynyň 

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address