
News
348

Mary şäheriniň umumybilim berýän 36-njy orta mekdebinde Mary welaýat çagalar kitaphanasy bilen bilelikde “Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň kitap hazynasy we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilileri bilen utgaşdyrmak” atly geňeş-maslahaty geçirildi. Bu maslahata mekdep okuwçylary we mekdep kitaphanaçylary gatnaşdylar.
Maslahaty Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory E.Gurbanmyradowa açdy we maslahatyň dowamynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni Maksat Ýakubow, Mary şäheriniň umumybilim berýän 36-njy orta mekdebiniň müdiri Begenç Alyýew dagy 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän döwründe mekdep kitaphanalarynyň ösüp gelýän ýaş neslimiziň giň gözýetimli, çuňňur düşünjeli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin olarda kitap okamak endigini ösdürmek, kitaba söýgi döretmek boýunça alyp barýan işleri barada täsirli gürrüň berdiler.
Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Akjemal Hommyýewanyň “Okyjylarda kitap okamaga gyzyklanma we höwesini artdyrmak”, Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri Ýazsoltan Jumadurdyýewanyň “Kitaphanalarda sanly ulgamyň ähmiýeti”, Mary şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Aýbölek Amangeldiýewanyň “Okyjylara döwrebap kitaphana hyzmatyny guramak” atly çykyşlary maslahata gatnaşyjylar üçin tejribe sapaklary hökmünde guraldy.
“Ýaşlaryň geljegine nur çaýýan kitaplar” atly kitap sergisini mekdep okuwçylary, maslahata gatnaşyjylar uly gyzyklanma bilen synladylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi