
News
302

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlarda ylmyň ugurlaryna çuň höwes döretmek hem-de zehinlerini artdyrmak we matematika dersi boýunça halkara olimpiadalarda öňdebaryjy orunlara eýe boljak ýaş hünärmenleri, ýaş matematikleri taýýarlamak maksady bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Matematika dersi boýunça “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirildi.
Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Matematika dersi boýunça geçirilen “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylara Matematika dersinden hödürlenen ýumuşlar mysal görnüşinde orta mekdepleriň okuw maksatnamasynyň esasynda institutda döredilen guramaçylyk topary tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy.
Bäsleşige Aşgabat şäherinden jemi 131 mekdep okuwçysy gatnaşdy. Okuwçylaryň toplan ballary boýunça bäsleşigiň netijeleri eminler topary tarapyndan jemlenildi. Bäsleşikde okuwçylaryň 3-si I orna, 8-si II orna, 13-si III orna mynasyp boldylar. Ýeňiji diýlip yglan edilen okuwçylara I, II we III derejeli diplomlar gowşuryldy.
Aşgabat şäherinden gelen mekdep okuwçylary institutyň fakultetleri, okuw binalary, tejribehanalary we sport toplumy bilen ýakyndan tanyşdyryldy.
Şirmuhammet NUNNAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy