
News
164

Ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada, maşgala gymmatlyklary hem-de belent ruhy taglymlary dowam etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň umumy ykrar edilen halkara kadalara hem-de milli ynsanperwer däplere esaslanýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýaş türkmenistanlylaryň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn ösmegi we zehin başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli şertler döredilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ösüp gelýän ýaş raýatlara aýratyn üns berýär. Biziň asuda Watanymyzda ýaş nesiller döwrebap bilim alýarlar, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Şol bir wagtda olaryň diňe bilimleri özleşdirmegi üçin däl-de, dürli hünärleri ele almaklary üçin hem zerur şertler döredilýär. Munuň özi olara durmuşda öz orunlaryny tapmaga mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewlerine eýerýän biziň Döwletliler köşgünde terbiýe alýan çagalar tutanýerli okaýarlar, boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirýärler. Şekillendiriş sungaty, aýdym-saz we tans öwrenýärler, sport hem-de köpçülikleýin sagaldyş çärelerine we jemgyýetçilik işlerine gatnaşýarlar.
Şu gün Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän Döwletliler köşgüniň çagalary üçin garaşylmadyk tolgundyryjy hem-de şatlykly pursatlaryň ýene bir güni bolup geçdi. Bu şatlykly güni biz mugallymlary hem begendirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan, ösüp gelýän ýaş nesilleri hiç bir babatda özleriniň ünslerinden düşürmeýärler. Häli-şindi çagalary begendirip, atalyk alada edip durýarlar. Bu gün hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýörite çagalar üçin ir-iýmişleri, süýjilik nygmatlarynyň dürli görnüşli tagamlaryndan ýollapdyr. Biz hem muňa diýseň begenip-guwandyk, çagalaryň hem başyny göge diredi. Ýaş nesiller özleri hakda şeýle uly alada edilýändigi Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Şa sowgatlary üçin tükeniksiz alkyşly sözlerini uly buýsanç beýan etdiler. Goý Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri diňe üstünliklere beslensin. Şa sowgatlaryňyz üçin size bolan alkyşlarymyz elmydama çäksizdir.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti
Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan
adyndaky Döwletliler köşgüniň
mugallymy Halnazarow Myrat