
News
178

Güneşli Watanymyzyň her bir güni Bagtyýar çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda her bir günümiz gülküli-şatlykly pursatlara beslenýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň, ýurdumyzyň geljegi baradaky hemmetaraplaýyn alada döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda biz ýaş nesilleriň bagtyýar çagalygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredilen. Mähirli garalmagyň we yzygiderli aladalar netijesinde, Döwletliler köşgümizde terbiýelenýän çagalar öz zehinlerini we ukyplaryny ösdürmek üçin hemme mümkünçiliklere eýedir. Biz ýaş nesiller ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly we halkara festiwallaryna hem işjeň gatnaşýarys.
Ýurdumyzda howandarlyga mätäç çagalara yzygiderli üns-alada bilen gurşalýar. Bu babatda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ýörelgeleri kemala getiripdir. Häzir bu ýörelgeler çagalaryň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyna gönükdirilen hukuk kepilleriniň toplumynda öz beýanyny tapýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine wajyp orun degişlidir. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygynyň güwäsidir. Ýene-de bir garaşylmadyk şatlykly-begençli pursatlaryň biri hem, bu gün ir säher bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz biz ýaş nesiller hakda her bir ädiminde uly alada edip bize ýörite Şa sowgadyny ýollady. Biz muňa diýseň begenip tolgundyk, alkyşlarymyzy çaga ýüregimizden beýan etdik. Goý Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri diňe üstünliklere beslensin. Bize ýollan Şa sowgatlary begendirdi, size bolan alkyşlarymyz elmydama çäksizdir.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti
Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan
adyndaky Döwletliler köşgüniň
okuwçysy Saparowa Mähriban