
News
185

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem-de Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige uniwersitetde hereket edýän bäş fakultetiň öňdebaryjy talyp ýigitleri saýlanyp, olar öz arasynda bäsleşigiň düzgünnamasynda bellenilen şertler esasynda bäsleşdiler. Bäsleşige “Himiki we nanotehnologiýalar” fakultetiniň “Dil öwreniş” bölüminiň talyby Batyrow Arafat, “Biotehnologiýa we ekologiýa” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Batyrow Ahmet, “Kiberfiziki ulgamlar” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Garabatyrow Nurgeldi, “Innowasiýalaryň ykdysadyýeti” fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Merdanow Mekan, “Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary” fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Çarygeldiýew Merdan gatnaşdylar. Talyp ýigitlerleriň çykyşlaryna ýurdumyzyň tanymal medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden ybarat bolan eminler topary baha berdiler.
Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady ýaşlara ata-babalarymyzyň mertlik, gaýduwsyzlyk, watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, janypkeşlik, ynsaplylyk ýaly häsiýetlerini nesillerden-nesillere geçirmek, halkymyzyň milli ruhy-edebi mirasyny öwrenmek, ruhy ahlak gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerimizi ýaýbaňlandyrmak, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen dürli hünärlerde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda türkmeniň baý edebi mirasyna, edep-ekrama, millilige, öwüt-ündewe ýugrulan milliligimizi aýan etmekden ybaratdyr.
Çekeleşikli geçen döredijilik bäsleşiginde “Innowasiýalaryň ykdysadyýeti” fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Merdanow Mekan “Baş baýraga” mynasyp bolup, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzda ýaşlara döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.