Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly Halkara ylmy-taslamalar bäsleşigiň netijeleri jemlendi

19.10.2024

209

“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly Halkara ylmy-taslamalar bäsleşigiň netijeleri jemlendi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, ýagny 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 16-17-ne Türkmen oba hojalyk institutynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly ylmy-taslamalar bäsleşigi geçirildi. Halkara derejesinde geçirilen bu bäsleşige daşary ýurt döwletleriniň 26 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 50 sany, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň 16 sany ýokary okuw mekdeplerinden 100-den gowrak ylmy-taslama işleri hödürlendi.

Bäsleşigiň netijeleri üç ugur boýunça jemlendi. Oba hojalyk taslamalary ugry boýunça I orna daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bäş sany talyby, II orna on üç sany talyp, III orna on alty sany talyp mynasyp boldular. Bu ugur boýunça Twer döwlet oba hojalyk akademiýasynyň talyby Sokolow Stepan Anatolýewiç, Belorus döwlet agrar tehniki uniwersitetiniň talyby Sawelýewa Sabrina Wladimirowna, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Berdiýewa Bahar Bagtyýarowna, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Atahanow Bagtyýar Ýazgeldiýewiç, Çuwaş döwlet agrar uniwersitetiniň talyby Gromow Nikita Mihaýlowiç has tapawutly çykyş edip, I orna mynasyp boldular.

Halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň Işewürlik taslamalary ugry boýunça Başgyrt döwlet agrar uniwersitetiniň talyby Abzalilowa Ýelena Ýewgenýewnanyň, Ural döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň talyby Džalilow Bagi Wahid oglunyň çykyşlary I orna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň IT taslamalary ugry boýunça Ýaponiýanyň Tokai uniwersitetiniň talyby Ataýew Aşyrgeldi Merdanowiç, Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Hematullaýew Ozodbek Utkurowiç has tapawutlanyp, I orna mynasyp boldular.

Halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň netijeleri barada giňişleýin maglumaty institutyň saýtynda (https://tohi.edu.tm/agroinnovations.php) ýerleşdirilen.

Geçirilýän şeýle bäsleşikler ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmekde, dünýä döwletleriniň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekde, halklaryň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly uly ähmiýete eýedir.

Çeşmesi: Turkmenportal

Şeýle hem okaň: Turkmenistan Altyn asyr

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address