
News
268

Golaýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmek, olary milli ruhda, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek baradaky alnyp barylýan işler barada belläp geçdi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkezinden, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinden gelen wekiller çykyş etdiler. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde durmuşa geçirýän özgertmeleri, “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda”, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dabaralanyşy dogrusynda nygtadylar hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda ýurdumyzda hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler, talyp ýaşlar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň ähmiýeti dogrusyndaky öwüt-ündewler duşuşygyň terbiýeçilik ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýaş nesilleriň watansöýüjilik, ahlaklylyk ýaly ajaýyp häsiýetlerini ösdürmekde ata-babalarymyzyň dowamat dowam bolup gelýän däp-dessurlarynyň we baý medeni mirasynyň ähmiýetiniň uludygy çykyşlaryň dowamynda nygtalyp geçildi. Şunda milli ahlak ýörelgelerine eýermek, gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asyllylyk, utanç-haýalylyk, päkizelik ýaly häsiýetleriň häzirki zaman ýaş nesillerimize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýandygyny görkezýär. Galyberse-de, talyp ýaşlaryň internetden maksatlaýyn peýdalanmak, jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini alyp barmagyň kada-kanunlary, kanunbozulmalaryň, jenaýatçylykly hereketleriň, ýurdumyzyň şaýollarynda, köçelerinde ýol hereketiniň düzgünleriniň talabalaýyk berjaý edilmegi dogrusynda çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen jemgyýeti kemala getirmek babatynda ýurdumyzda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Berkarar döwletimizde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti