Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat gymmatlygy

07.05.2025

270

Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat gymmatlygy

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň kitaphanasynyň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat gymmatlygy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresine “Türkmen dünýäsi” gazetiniň işgäri, şahyr Meýlis Garaýew, Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň işgäri Läle Ahmedowa, mekdebimiziň başlangyç synp mugallymy Ogultäç Babaýewa dagy gatnaşdylar we olar öz çykyşlarynda türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek ugrunda alyp barýan işleriniň Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryndaky üstünliklerinde wajyp orny eýeleýändigini nygtadylar.

Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli taglymaty, külli adamzadyň röwşen geljegini nazarlaýan başlangyçlary bilen dünýäde uly ykrarnama eýe bolýandygyny, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini häzirki wagtda “Merkezi Aziýa parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýäde parahatçylygy ilerlediji ýurt hökmünde abraýyny has-da artdyryp, biziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzyň barha dabaralanýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýandygyny buýsanç bilen bellediler.  

Çäräniň dowamynda şahyr Meýlis Garaýewiň, mekdep kitaphanamyzyň iň işjeň okyjysy, çeper döredijiligiň poeziýa žanry bilen içgin gyzyklanyp, goşgy ýazmak bilen meşgullanýan 11-nji “B” synpyň okuwçysy Berdimyrat Akköşekowyň parahat Watanymyz, asuda diýarymyz barada okap beren şygyrlary, zehinli okuwçylaryň aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda halkymyzy eşretli, bolelin, asuda, parahat durmuşda ýaşamaga döreden mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly alkyşlar aýdyldy.

Maral Gapurowa,

 Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen

132-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address