Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

TÄSIRLI GEÇEN BÄSLEŞIK

07.05.2025

223

TÄSIRLI GEÇEN BÄSLEŞIK

Türkmen halkynyň gadymdan bäri kitaba goýýan gadyr-gymmaty örän ýokary. Munuň şeýledigine belli ýazyjymyz N.Saryhanowyň “Kitap” atly hekaýasyny okan adam ýene bir ýola göz ýetirýändir. Onda türkmen ýaşulysynyň bir kitaby köşekli düýä çalşyp, oba bolup jemlenip okamaklary milletimiziň kitaba bolan hormatynyň, söýgüsiniň asyrlaryň jümmüşinden kök alyp gaýdýandygynyň bir mysaly hökmünde juda tolgundyryjydyr.

Häzirki zaman jemgyýetinde, aňly-düşünjeli, döwrebap ynsan bolmak üçin okamak diňe bir oňat lezzet bolman, ol şol bir wagtyň özünde zerurlyk bolup durýar. Onda-da, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakynda gürrüň edilende, bu has hem wajypdyr.

Ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda talyp ýaşlaryň arasynda, türkmen we iňlis dillerinde “HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ WE ALYM ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI – GYMMATLY HAZYNA” atly kitaphonlar bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň ýardamy bilen guralan bu bäsleşige geljekde başlangyç synp mugallymlary we çagalar baglarynyň terbiýeçileri käriniň eýeleri bolmaly Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary,  Daşoguz şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Örän täsirli we gyzykly geçirilen bu bäsleşik bir tarapdan, talyp ýaşlaryň bilim derejeleriniň, kitap okamaga bolan söýgüsiniň hem-de daşary ýurt dillerini suwara bilmeklige bolan ymtylyşlarynyň ýokarydygyny subut etse, ikinji tarapdan, okyjyny kitap okamaga çekmekligiň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen işlere bu baýry bilim ojagynda hem aýratyn üns berilýändigini görkezdi. Bu bäsleşikden täsirlenen ýokary synp okuwçylarymyz ylym-bilimiň, okamagyň çäksiz hazynadygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmek bilen, orta mekdebi tamamlap, baýry ýokary we orta hünär okuw mekdeplerimizde bilim almagy dowam etmek, daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek höwesine beslendiler.

Biz hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” 1251 belgili Karary boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň çäginde amala aşyrylýan her bir işe özümiziň goşandymyzy goşup, ýaşlarymyzyň söz baýlygynyň artmagyna, pikirlenmek ukybynyň ösmegine, gözýetimleriniň, dünýägaraýyşlarynyň giňemegine uly ýardam edýän kitap okamaklygyň peýdasy barada wagyz-nesihat işlerini geçirmekde yhlasly zähmet çekmegi dowam ederis.

Ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, şeýle hem Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Sähragözel Aşyrowa,

Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň

kitaphana işleri boýunça hünärmeni

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address