Aşgabat
News
60
2025-nji ýylyň 24-nji maýyna çenli Silkway Accelerator maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilýär. Bu startaplary goldamak boýunça innowasion maksatnama bolup, ol Google for Startups bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Maksatnamanyň bäşinji tapgyrynyň işe girizilendigini Astana Hub halkara tehnologik parky yglan etdi.
Tehnologik parkyň web sahypasynda Silkway Accelerator maksatnamasy üç aýlyk çaltlaşdyrylan offlaýn okuw hökmünde görkezilýär. Bu okuwlar gatnaşyjylara öz işini düýpgöter özgertmäge, maksatlara ýetmegiñ strategiýalaryny işläp düzmäge, onuň girdejiligini giňeltmäge we çalt depginde ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlaryndan – Gazagystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, şeýle hem Azerbaýjandan Gruziýadan we Mongoliýadan bolan PMF we Scale tapgyryndaky IT taslamalar gatnaşyp bilerler.
Silkway Accelerator maksatnamasy maýadarlar bilen duşuşmaga, wençur gaznalar we işewürlik-perişdeler bilen aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik döredýär. Bu bolsa startaplar üçin maýa goýumlara, maliýe goldawyna, goşmaça çeşmelere we ekspertiza ýol açýar. Maksatnamanyň çäklerinde okuw sessiýalary, ussatlyk sapaklary, amaly sapaklar, şahsy maslahatlar geçirilýär, şeýle hem netijeliligi yzarlamak üçin trekerler bilen işleşmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.
Üstünlikli işewürligi guran ýokary derejeli bilermenler startaplary ösdürmek üçin marketing, maliýe, satuw we beýleki ugurlar boýunça aýratyn sessiýalary geçirerler.
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
Innovation Information Center. All rights reserved. 2024