Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty

TALYPLARYMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIKLERI

15.05.2025

173

TALYPLARYMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIKLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, beden taýdan sagdyn ösmegi, giň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Çünki ata Watanymyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply we zehinli ýaş nesillere baglydyr.

Tamamlanyp barýan okuw ýylymyzyň aprel aýynyň 29-yna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň gurnamagynda “Matematika, tebigy we tehniki ylymlaryň nazary esaslary” atly ders bäsleşigi geçirildi. Bu bäşleşikde Demir ýol fakultetiniň talyby Baýlyýew Ýalkapberdi 1-nji orna, Sanly tehnologiýalar we kiberhowsuzlyk fakultetiniň talyby Gurbanow Diýar 3-nji orna mynasyp boldy. Şeýle hem aprel aýynyň 12-14-i aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly II halkara olimpiadasy hem geçirildi. Bu olimpiadada institutymyzyň talyplary Baýlyýew  Ýalkapberdi, Baýramow Şöhrat, Gyzylowa Jemal, Goşaýew Soltan we Gurbanow Diýar bürünç medallara hem-de üçünji derejeli diplomlara eýe boldular.

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, Watansöýüji çuňňur bilimli edep-terbiýeli, il-gününe wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Ýaşlaryň geljekde döwrüň talabyna laýyklykda ýokary derejelerde taýýarlykly hünärmenler hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň at abraýyny has-da belende götermekden, ösen tilsimatlardan başarjaň peýdalanmaklary barada hem bimöçber işler durmuşa geçirilýär.  Şeýle mümkiçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän uly işleri rowaç bolsun.

Bazargeldi Sapargeldiýew

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

kommunikasiýalary institutynyň “Ýokary

matematika”kafedrasynyň mugallymy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address