Aşgabat
News
235
Umumy orta bilim berýän mekdepleriň takyk ylymlar, tebigy bilimler ugurlaryna degişli dersler okuwçylarda inžener-tehniki işlere, konstruktorçylyk pikirlenişe, oýlap tapyjylyga, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagyna höwesi ösdürýär.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň takyk ugurly dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän XII synpy üçin «Modelirleme we grafika» okuw kitaby (awtorlary: K.Udamuradowa, A.Aşyrowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Bu okuw kitaby öz öňünde okuwçylara modelirlemegiň esasy tapgyrlaryny açyp görkezmäge, olarda model pikir ýörediş ukybyny kemala getirmäge, logiki we döredijilikli pikirlenişi ösdürmäge gönükdirilen wezipäni goýýar.
Bu okuw kitaby iki bölümden ybarat bolup, «Tekst prosessorynyň gurşawynda modelirleme» atly birinji bölümi «Söz modelleri», «Düzme resminamalary modelirlemek», «Gurluş modelleri», «Algoritmik modeller» atly dört bapdan durýar. Bu baplarda meseläniň goýluşy, obýektleriň häsiýetnamalary, görkezijiler we olaryň arasyndaky baglanyşyklaryň kesgitlenişi, netijeleriň degişli şerti kanagatlandyrýandygynyň barlagy boýunça tapgyrlary beýan edilýär.
Okuw kitabynyň ikinji bölümi «Elektron tablisada modelirleme» diýlip atlandyrylýar. Bu bölüm «Elektron tablisada modelirleme», «Obýektiň geometrik parametrlerini hasaplamak», «Maglumatlaryň massiwini işlemek» we «Biologik prosesleri modelirlemek» ýaly baplary öz içine alýar.
Bu bölümleriň we baplaryň mazmuny okuwçylarda daş-töwerege göz ýetirmekde modelleriň mümkinçiliklerine, tebigatyň we durmuşyň hadysalary bilen modeliň arasyndaky gatnaşyklara düşünmäge, belgileri peýdalanmak arkaly käbir obýektleriň we prosesleriň ýönekeý modellerini gurmagy öwrenmäge, model bilen işlenende we alnan netijeler teswirlenende gözleg endiklerine uýgunlaşmaga ýakyndan ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
Innovation Information Center. All rights reserved. 2024