Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty

«TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION DÖWLET GURLUŞYNYŇ YLMY ESASLARY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

17.05.2025

244

«TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION DÖWLET GURLUŞYNYŇ YLMY ESASLARY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Inžner-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusion döwlet gurluşynyň ylmy esaslary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde ähli taraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Bu bolsa milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň doly ykrar edilmegine, ýaşyl tugumyzyň belentde parlamagyna ýardam berýär. Munuň özi esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününde — baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli şöhlelendirilýär, özüniň ajaýyp beýanyny tapýar.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň gözelligi bilen sazlaşýan Döwlet baýdagy watansöýüjilik we mähriban Watana bolan söýgi ýaly bahasyz gymmatlyklary, halkymyzyň beýik döredijilik ruhuny alamatlandyryp, bahar şemalyna erkin pasyrdaýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijeleri her ädimde duýulýar. Türkmen topragy özgerip, gülläp ösýän bagy-bossanlyga bürenýär, şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerýär, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar.

Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, wagyz-nesihat çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Ol halkymyzyň bozulmaz agzybirligini, bitewüligini, onuň şöhratly pederlerimiziň paýhasly wesýetlerine, bagtly häzirki we geljekki durmuşyň ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny, Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşleriň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Merdana türkmen halkymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Institutyň Ylym bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address