
News
140

Türkmenistanly türgenleriň ikisi Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Aýn şäherinde ýetginjek mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan Aziýanyň boks çempionatynda bürünç medallara mynasyp boldular.
Yklym ýaryşynda 26 ýurtdan 462 türgen güýç synanyşdy. Ýaryş 2008-2009-njy ýyllarda, şeýle-de 2010-2011-nji ýyllarda doglan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirildi. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 10 türgen wekilçilik etdi, olaryň ikisi kiçi ýaş toparynda, sekizisi uly ýaş toparynda çykyş etdi.
Mary welaýatynyň Ýolöten şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Begenç Kakamyradow 50 kilograma çenli agram derejesinde iki ýe¬ňiş gazanyp, ýaryşda bürünç medala eýe boldy. Aşgabat şäherindäki 78-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sapargeldi Nurýagdyýew bolsa 70 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Türkmenistanly türgenleriň bu üstünliklerinde tälimçiler Sapardurdy Bagyýewiň we Myrat Pazzyýewiň mynasyp paýy bar.
"Türkmenistan"
20.09.2024ý. №239