Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

KITAP SERGISINE GEZELENJIŇ OKUWÇYLARA TÄSIRI

20.05.2025

251

KITAP SERGISINE GEZELENJIŇ OKUWÇYLARA TÄSIRI

Mekdep kitaphanaçylary tarapyndan ýurdumyzda bellenilýän şanly senelere we baýramçylyklara bagyşlanyp, ýaş neslimizde kitap okamaga bolan höwesi terbiýelemek, kitaphon jemgyýeti kemala getirmek boýunça geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň, kitap sergileriniň okuwçylaryň döredijilikli pikirleniş ukybyny artdyrmakda örän uly ähmiýeti bar.

 Her bir geçirilýän çäre özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. 2024/2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja günler galanda paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Şadyýan tomus» atly giň göwrümli, baý mazmunly kitap sergisi geçirildi. Bu sergide Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň sergisi, Türkmendöwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenkitap» söwda birleşiginiň kitap dükanlarynyň söwda-satuw sergileri hem gatnaşdy.

Ýurdumyzyň ösüşini teswirleýän, baý milli mirasymyzy, halk döredijiliginden gözbaş alyp gaýdan eserlerimizi wagyz-nesihat edýän sergileriň ählisi hem ähmiýetli, esasan hem şunuň ýaly kitap sergileri ýaş mekdep okuwçylary üçin has-da täsirlidir. Olary kitaplaryň jadyly dünýäsine syýahata alyp gelmek her bir ata-enede, mugallymlarda ýakymly täsir galdyrýar. Kitabyň gadyr-gymmatyny, okamagyň peýdasy hakynda öýde we mekdepde alan öwütlerinden gulagy ganan çagalar bu hakykat bilen ýüzbe-ýüz duşuşyga çykana meňzeýär. Olaryň süýji we arassa arzuwlardan doly ýüregi täze bir joşguna dolýar. Buýsandyrýan ýagdaýlaryň biri hem ýurdumyzyň neşir önümçiliginiň hil, mazmun babatda dünýäniň hiç bir ýurdunyňkydan pes däldigidir.

Kitaplaryň hersi çagalar üçin özboluşly bir dünýä. Täze zatlary görmek, olaryň täzeçe pikirlenmek ukybyny, okamak-öwrenmek höwesini ösdürýär. Ýaşajyk mekdep okuwçylary bilen sergä aýlanyp ýören pursadyň, olaryň höwes bilen kitaplary synlaýşy, öwrenen goşgularyny labyz bilen aýdyp bermegi sere gelen pikirleriň hakykatdygyny tassyklaýar.

Kitap biziň iň ýakyn dostumyzdyr. Kitap bize ata Watany söýmegi, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, ata-enä hormat goýmagy, ululary sylamagy, kiçileri söýmegi, mähriban mugallymlara sarpa goýmagy öwredýär.

«Şadyýan tomus» atly çäräniň has şüweleňli geçmeginde, kitap sergisinden daşary sergi zalynyň älemgoşaryň dürli reňkleri bilen bezelen ýazgylary, ertekileriň gahrymanlarynyň keşplerini janlandyrylan şekiller we suratlar bilen bezelmegi, milli ak öýümiziň bir ganatynda kitaplar bilen tanyş bolmak, okamak mümkinçilikleriniň döredilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Göräýmäge ýönekeý, emma örän ýerlikli ähmiýete eýe bolan bu işleri ýerine ýetirmekde Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Desse Annalyýewanyň hyzmaty uludyr. Bilim edaralarynyň we mugallymçylyk işgärleriniň arasynda 2022-nji ýylda geçirilen “Iň gowy mekdep kitaphanasy” atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda II orna mynasyp bolan bu kitaphanaçy öz göreldeli zähmeti, mylaýym häsiýeti bilen mugallymlaryň we okuwçylaryň hormatyny gazanmagy başarypdy. Her bir kitabyň nähili zähmet bilen çapa taýýarlanýandygyny, onuň okyjylaryň eline gelip gowuşmagy üçin ýüzlerçe adamyň zähmet çekýändigini, kitaplary örän aýawly saklamalydygyny okuwçylara öwretmegi başaran mekdebiň mugallymlarynyň we kitaphanaçynyň çeken zähmetiniň miwesi hökmünde ýaşajyk okuwçylaryň:

Ynha meniň kitabym,

Çigit ýaljak kiri ýok.

Her gün okap ýörsemde,

Zaýalanan ýeri ýok –

diýen goşgy setirlerini labyz bilen aýdyp, ulanan okuw kitaplaryny buýsanç bilen görkezmekleri guwandyryjydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserlerini ýol-ýörelge edinip okaýan ýaşlarymyzyň ýürekleri öwrenmek, ylym-bilim almak hyjuwyndan doly. Biziň okamaga, döretmäge ähli mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň ýaly giň mümkinçilikleri döredýän ýurt baştutanlarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Goý, asuda Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün!

Zülfiýa Annamuhammedowa,

Aşgabat şäheriniň 44-nji orta mekdebiniň

başlangyç synp mugallymy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address