
News
188

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda baýramçylyk çäreleridir bäsleşikler biri-birine ulaşýar. 18-nji sentýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden geçirilen bäsleşik hem munuň aýdyň güwäsi boldy.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň tebigy zehin-başarnygyny hem-de şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we höweslendirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen ders bäsleşiginiň esasy maksady Türkmenistanda tebigy ylmy ugurlar boýunça bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşik biologiýanyň ylmy we amaly meselelerini derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmekde, olaryň bu ders boýunça bilimlerini has-da artdyrmakda, umumybilim berýän orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hemde mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmakda netijeli boldy.
Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyrynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlardan deslapky bäsleşigiň 38 ýeňijisi seçilip alyndy. Ders bäsleşiginiň ikinji tapgyry Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi. Onuň jemleri boýunça 1-nji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýsona Jumadurdyýewa, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Kerimberdi Atageldiýew bilen Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Gülnar Ballyýewa mynasyp boldy. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Maýsa Babaýewa, şol ýerdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Umyt Mergenow, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mähriban Babaýewa dagy 3-nji orny eýeledi. Olara 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar, şeýlede aýratyn tapawutlanan ýaşlaryň ençemesine Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan okuwçylaryň paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, şol sanda «Aşgabat» seýilgähine gezelençleri guraldy. Bäsleşige gatnaşanlar ýaş nesilleriň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri, zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize alkyşlaryny beýan etdiler.
Ilmyrat GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri
“Türkmenistan”
20.09.2024ý. №239