Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmen-türk bilim hyzmatdaşlygy rowaçlanýar

21.05.2025

411

Türkmen-türk bilim hyzmatdaşlygy rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplygy dünýä ýurtlary tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş ayp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan rowaçlyk bilen dowam etdirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, dünýä döwletleriniň ençemesi bilen özara bähbitli bolan we deňhukuklylyga esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn ähmiýet berýär. Durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň strategik maksatlary Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni esaslaryny pugtalandyrmakdan, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary aýgytly ädimler, batly gadamlar bilen alyp gitmekden ybaratdyr. Şu jähetden garalanda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýändigi aýdyň görünýär.  Bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda, halkara tejribelerini alyşmakda baý tejribe toplanylýar. Bu ugurda türkmen-türk gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigini 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary bilen gelmegi ýene-de bir gezek subut etdi.

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň paýtagtymyz gözel Aşgabadyň halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerliginiň ýokary nusgasynda garşy alynmagy-da bilimiň ähli ösüşleriň gözbaşydygyny hem-de adamzady doganlaşdyrýan köprüdigini ykrar edýär. Şu gezekki saparyň iş meýilnamasyna laýyklykda, «Nusaý» medeni-taryhy goraghanasynyň ýadygärliklerine baryp görmek meýilleşdirilendir.

Myhmanlar, öňünden meýilleşdirilişi ýaly, 22-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Orazdurdyýewa bilen duşuşarlar. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministri hem gatnaşar.  Wekiliýetiň “Paýtagt» söwda we dynç alyş merkezine aýlanyp görmegi olaryň bu gezekki taryhy saparyny ýatdan çykmajak pursatlara beslär. Şonuň ýaly-da, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmek meýilleşdirilendir. Gezelençler myhmanlaryň kalbyna ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary ýazar, çünki däp-dessurlarynda ýakynlyk bolan bu iki milletiň gymmatlyklar bolan garaýyşlarynda-da umumylyklar bardyr. Şeýle hem, türkmen taryhynyň ähli ösüş döwürlerinde milli myhmansöýerlik däpleriniň, medeni ösüşleriniň, türkmen halysynyň, alabaý itiniň, ahalteke bedewleriniňşöhratynyň dünýä dolandygy bellidir.

Saparyň çäklerinde wekiliýetiň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna baryp görmekleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşyklarynyň, ýokary bilimiň okuw maksatnamalary, olaryň işiniň gurluşy we mazmuny bilen tanyşmaklarynyň özboluşly manysy bardyr. Şeýle gatnaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzda oňyn özgerişler gazanylýar. Ikitaraplaýyn bilim gatnaşyklaryny sazlaşykly ösdürmek, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek maksady bilen kesgitlenilýän wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şu gezekki iş saparynyň netijeliligi esasynda türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etjek netijeli pedagogik tehnologiýalar işe giriziler. Ýokary bilimde türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi häzirki döwrüň talabyna, bilimiň ählumumylygyna bolan zerurlyga we şahsyýetiň hünär başarnygyna bildirilýän talaplaryň artmagyna degerli jogap berer, bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň netijeliligine getirer. Munuň özi halkara derejelerde dürli önümçilik meselelerini özbaşdak çözmäge ukyply ýaş hünärmenleriň kemala getirilmegini üpjün etmäge ýardam eder.

                                                                                    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnaly

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address