Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

«TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY -RUHY GALKYNYŞLARYŇ, PARAHATÇYLYGYŇ WE JEBISLIGIŇ GÖZBAŞYDYR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

16.05.2025

83

«TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY 
WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY -RUHY GALKYNYŞLARYŇ,  PARAHATÇYLYGYŇ WE JEBISLIGIŇ GÖZBAŞYDYR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we talyplaryň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy - ruhy galkynyşlaryň, parahatçylygyň we jebisligiň gözbaşydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we iki bölümde dowam etdi. Ýagny maslahatyň birinji bölümi “Konstitusiýa we baýdak mizemez mukaddeslikler”,  ikinji bölümçesi “Ylym – beýik üstünliklerimiziň, nurana geljegimiziň binýady” diýip atlandyryldy. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda bir günde bellenilmeginiň çuň manysynyň bardygyny, bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandygyny bellediler.  

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tüýs ýürekden gutladylar. Ýurdumyzyň her bir günini uly üstünliklere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler! 

Söýenç Ahmedow

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk

akademiýasynyň mugallymy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address