Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli mekdep okuwçylary üçin okuw sapaklary geçirildi

23.05.2025

327

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli mekdep okuwçylary üçin okuw sapaklary geçirildi

2025-nji 16-njy, 20-nji we 21-nji maýy günleri BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan ýurdumyzyň degişli edaralarynyň hünarmenleri bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 130-njy, 29-njy we 4-nji orta mekdeplerinde okuw sapaklary geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Adalatçynyň Diwanynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda agzalan orta mekdepleriň okuwçylary bilen geçirildi.

Mekdeplerde bu çäreleriň geçirilmeginiň maksady okuwçylaryň çaganyň hukuklary barada bilimlerini we habarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Duşyşygyň dowamynda okuwçylara Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň we milli kanunçylygymyzyň kadalary barada wideoroliklaryň we prezentasiýalaryň üsti bilen maglumatlar berildi. Duşyşyklaryň ahyrynda okuwçylara sowgatlar gowşuryldy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address