
News
311

Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçisi Nazarguly Şagulýew bilen ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem möhüm senä – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Dabaranyň öňüsyrasynda Ilçi N.Şagulýew bilen Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory, professor Sergeý Rubnikowiçiň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar ylym-bilim pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen talyplary üçin okuw prosesiniň hiline, Belarus Respublikasyndaky ýaşaýyş şertlerine we iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmagyň geljegine aýratyn üns berildi.
Dabaraly çärä rektoratyň wekilleri, uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary hem-de Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşygy açyp, gutlag sözleri bilen, Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary boýunça prorektory, professor Wasiliý Rudenok hem-de Ilçi Nazarguly Şagulyýew dagylar çykyş etdiler.
Ilçi öz çykyşynda halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda gazanylan durmuş-ykdysady, ylym-bilim we jemgyýetçilik-syýasy özgerişlere ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna aýratyn ünsi çekdi hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we amatly şertleri döretmäge gönükdirilen giň gerimli meýilnamalar we maksatnamalar barada gürrüň berdi. Diplomat şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini nygtady.
Ilçi Şagulýew talyplar bilen möhüm söhbetdeşlik geçirdi, ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine, watançylyk duýgusyna we ýaş nesilde şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine ünsi jemledi. Bu bolsa Türkmenistanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşup bilýän we halkara giňişligindäki abraýyny berkitmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýte eýe.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan tematiki wideo şekiller ýygnananlara hödürlendi.