Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

«ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ ŞÄHERI» ATLY SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILÝÄR

23.05.2025

389

«ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ ŞÄHERI» ATLY SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň geljegi bolan çagalaryň sagdyn, ruhubelent, ylymdan we bilimden ýüki ýetik bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramak, we zähmete uýgunlaşdyrmak hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy üçin köpsanly işler durmuşa geçirilýär. «Bal süýji, baldan-da bala» diýen parasatly pähimde halkymyzyň ynsan durmuşynyň gül-gunçalary hasaplanylýan çagalara bolan buýsanjy şöhlelenýär. Türkmenistan Watanymyz – bagtly çagalygyň mekany. Ýurdumyzda ýaş nesliň aýratyn alada, söýgi bilen gurşalmagy hem şeýle diýmäge esas berýär. Arkadag şäherinde çagalara niýetlenen döwrebap desgalaryň, binalaryň ençemesiniň bolmagy bolsa, döwletimizde çagalar hakdaky alada aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Arkadag şäheriniň binagärlik gurluşyny, gözelligini wasp etmek, mekdep okuwçylaryň döredijilik ukyp-başarnygyny ýokarlandyrmak, zehinli we ukyply çagalary ýüze çykarmak maksady bilen Çagalary goramagyň Halkara güni hem-de Arkadag şäheriniň 1-nji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Arkadag şäheri – ýaşlygyň we gözelligiň şäheri» atly surat çekmek bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşik 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilýär. Ýaş suratkeşler bäsleşigiň dowamynda çekjek suratlarynda Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlygy, şäherde ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy, Arkadag şäheri bagtly çagalygyň, bagtyýar ýaşlaryň mekany ýaly temalar boýunça döredijilik başarnygyny görkezerler.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän, durmuşymyzyň gymmaty we geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalaryň döredijilik ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerimizi aýdýarys.

BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

Beghanowa Aýnabat,

Aba Annaýew adyndaky

Halkara atçylyk akademiýasynyň

talyby

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address