Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty

ARKADAG ŞÄHERINDE GURALÝAN DÖWREBAP OKUW TEJRIBELIKLERI BARADA GEÇIRILEN TEGELEK STOL

23.05.2025

332

ARKADAG ŞÄHERINDE GURALÝAN DÖWREBAP OKUW TEJRIBELIKLERI BARADA GEÇIRILEN TEGELEK STOL

Bilim ojagymyz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda döwrüň talabyna laýyk hünärmenleri taýýarlamakda, talyplary okuw, ylmy-barlag işlerine we önümçilik bilen bagly barlag işlere köpçülikleýin çekmekde, olarda ylmy-barlaglara gyzyklanma döretmekde, alnyp barylýan işleriň esasy netijesiniň bolmagy ugrunda professor-mugallymlar uly göwrümli işleri alyp barýarlar. Şu işleriň içinde kafedralarda döredilýän we işleýän ylmy gurnaklar aýratyn orun tutýar. Gurnaklarda nazary we amaly ähmiýetli meseleleri goýmak we çözmek talyplaryň degişli ugurlar boýunça biliminiň artmagyna we çuňlaşmagyna, tejribeleri guramak we geçirmek üçin usuly endikleriň kemala gelmegine, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmegiň iň öňdebaryjy usullaryny öwrenmeklerine, informasion tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak we gerekli maglumatlary tapmak, saýlamak, almak we işlemek ýaly häzirki zaman ylmy medeniýeti özlerinde terbiýelemäge ýardam berýär. Gazanylýan netijeleri ylmy-amaly maslahatlarda çykyşlar arkaly beýan edip, ara alyp maslahatlaşmak, makalalar taýýarlamak we çap etmek, bäsleşiklere hödürlemek talyplaryň gurnaklardaky işlere höwesleriniň has-da artmagyna getirýär.

Ýakynda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Arkadag şäheri ösüş ýolunda” atly gepleşigiň nobatdaky sany geçirildi. Onda ýokary okuw mekdebimizde maddy-tehniki binýady dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen, okuw tejribelikleri geçirmek üçin döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan tejribehanalarda alnyp barylýan işler barasynda hem-de geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamakda Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda guralýan döwrebap göçme okuw tejribelikleri barasynda çykyşlar edildi.

Halypa mugallymlaryň hem-de wagyzçy talyplaryň eden çykyşlarynda döwletli tutumlaryň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi. Tegelek stol Arkadag teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address