Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmen döwlet uniwersitetinde Gawr uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

24.05.2025

589

Türkmen döwlet uniwersitetinde Gawr uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

23-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Fransiýa Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wise-prezidenti Ž-N.Kastorionyň we Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory P.Barteleminiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Fransiýa Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wekilleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar hem-de wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Türkmen döwlet uniwersitetinde dürli ýyllarda beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda fransuz dili we edebiýaty hünäri boýunça hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda döredilýän mümkinçilikler, şeýle hem parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna alnyp barylýan giň gerimli işler üçin iki döwletiň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address