Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak ugrunda hytaý kompaniýalarynyň hyzmatlary öwrenilýär

24.05.2025

614

Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak ugrunda 
hytaý kompaniýalarynyň hyzmatlary öwrenilýär

2025-nji ýylyň 24-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň «Inspur Software» kompaniýasynyň baş direktory Žao Şaoksiangyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak ugrunda häzirki döwürde tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýan işlerde hytaý kompaniýasynyň hödürleýän hyzmatlaryny ulanmak bilen bagly birnäçe anyk teklipler maslahatlaşyldy.

Ministr öz çykyşynda Döwletimiz tarapyndan bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen uly möçberdäki maliýe serişdeleriniň gönükdirilýändigini, häzirkizaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bilim edaralarynyň gurulýandygyny buýsanç bilen belläp geçdi. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň hilini tapgyrlaýyn esasda ösdürmek boýunça birnäçe maksatnamalaryň, şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilendigini we bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada giňişleýin habar berdi. Türkmenistanda ýaş nesliň irki döwürden maglumat tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykaryp bilmekleri üçin, her ýyl 1-nji synp mekdep okuwçylaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuklaryň sowgat berilýändigi aýratyn nygtaldy.

Ministr ýurdumyzda bilimiň sanlylaşdyrylmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garalýandygyny belläp, hytaý kompaniýasynyň ýolbaşçysyna geljekde bilelikde hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini öwrenmek maksatly, birnäçe anyk teklipleri hödürledi.

Žao Şaoksiang öz nobatynda «Inspur Software» kompaniýasynyň hödürleýän hyzmatlary we bilimiň sanlylaşdyrylmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň geçen ýoly barada tanyşdyrdy. Hususanda, 30 ýyllyk geçiş döwründe bu ýoluň üç tapgyrdan ybarat bolandygyny, häzirki wagtda hem 3-nji tapgyrynyň dowam edýändigini we bu babatda öz gazanan tejribeleri bilen paýlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Hytaý kompaniýasynyň ýolbaşçysy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny we hödürlenen teklipler esasynda bilelikde işleri durmuşa geçirmäge mümkinçiligiň bardygyny aýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň goldawlary esasynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýe bolmagy, öňde duran wezipeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address