Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

ATÇYLYKDA HALKARA HYZMATDAŞLYK

23.05.2025

142

ATÇYLYKDA HALKARA HYZMATDAŞLYK

2025-nji ýylyň 19-22-nji maýy aralygynda ýurdumyzda saparda bolýan Türkiýe Respublikasynyň Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň we Türkiýäniň Žokeý klubynyň hünärmenlerinden ybarat bolan wekiliýet 2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Arkadag şäherine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna geldi. Wekiliýet Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda güler ýüz bilen garşy alyndy. Myhmanlaryň akademiýa gelmegi mynasybetli akademiýanyň dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli aýdymlary ýerine ýetirildi.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda alnyp barylýan ylmy-barlag we okuw-usuly işler bilen tanyşmak maksady bilen wekiliýet agzalary akademiýanyň tejribe, barlaghana we okuw otaglaryna baryp ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Ýagny akademiýanyň “Atçylyk” tejribe otagyna “Molekulýar genetika”, “Mikrobiologiýa”, “Anatomiýa”  barlaghanasyna bardylar. Şeýle hem  Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Sport toplumyna,  Ýapyk manežine we Açyk manežine baryp ol ýerde talyp ýaşlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren at üstündäki milli oýunlaryna,görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra bolsa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň, hünärmenleriniň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda akademiýanyň Mejlisler zalynda duşuşyk geçirildi we özara pikir alyşyldy. Bu duşuşyk Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, hünärmenleri we talyp ýaşlary üçin diýseň täsirli boldy. Atçylyk boýunça halkara hyzmatdaşlykda gazanylýan üstünlikleriň alnyp barylýan işleriň bu duşuşykda beýan edilmegi, özara tejribe paýlaşylmagy uly ähmiýete eýe boldy. Wekiliýet agzalary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda şeýle uly mümkinçilikleriň döredilendigini belläp geljekde hem iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barmagyň möhümdigini bellediler. Bu barada ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Annadurdy Çaýyrow

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk 

akademiýasynyň mugallymy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address