Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

GYRGYZ MYHMANLAR ATÇYLYGYŇ MEKANYNDA

23.05.2025

138

GYRGYZ MYHMANLAR ATÇYLYGYŇ MEKANYNDA

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Halklar — bir jebis maşgala, // Ýaşasyn parahat durmuş!» diýip halklary agzybirlige, jebislige, parahatçylyga çagyrýar. Ýurdumyz bu gün sebitdäki döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär we dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge tagalla edýär. Şu ýylyň 18 – 21 -nji maýy aralygynda Watanymyzda saparda bolan Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri M.Mambetaliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Arkadag şäherimizde bolup dürli çärelere gatnaşmagy hem muňa aýdyň subutnama bolup durýar.

Tanyşlygyň barşynda myhmanlar Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler. Wekiliýet agzalary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň esasy girelgesinde milli ýörelgelere laýyklykda duz-çörekli, akademiýanyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde halk aýdymlar bilen garşy alyndy. Myhmanlar akademiýanyň tejribe, barlaghana we okuw otaglaryna aýlandylar. «Atçylyk tejribe otagynda» talyp ýaşlara öwredilýän at münmegiň ýokary mekdebi, sanly tehnologiýalar arkaly bu ýerdäki simulýator «aty» dolandyrmagyň, dogry oturmagyň tilsimleri bilen tanyşdyryldy. «Molekulýar genetika», «Mikrobiologiýa», «Anatomiýa» barlaghanasynda alnyp barylýan ahalteke bedewleriniň seçgi tohumçylyk işleri, biologiki aýratynlyklarynyň öwrenilişi, anatomiki gurluşy bilen gyzyklandylar. Akademiýanyň Sport toplumyna baryp, talyplaryň bedenterbiýe sapagyna gatnaşdylar, bu ýerde döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdiler. Şeýle-de akademiýanyň Ýapyk manežinde talyp ýaşlaryň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler. At üstündäki milli oýunlar myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Wekiliýet agzalary Ýapyk manežden soň açyk manežde bedewleriň gezim pursatlaryna we türgenleşik işlerine seretdiler. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň eýwanyndaky ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik eserleriniň sergisi bolsa olarda ýakymly täsir galdyrdy. Bu ýerde ahalteke bedewleriniň taryhy, şu günki gazanan üstünliklerine degişli hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dürli ýyllarda gazanan ýeňişleriniň baýraklary ýerleşdirildi. Myhmanlar sergini haýranlyk bilen synladylar. 

Soňra wekiliýet gazlary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine bardylar. Bu ýerde halkymyzyň milli buýsanjy bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezen çykyşlaryna tomaşa edip, ahalteke bedewleri bilen sazlaşykly hereketleri emele getirýän türkmen jigitleriniň ussatlygyna ýokary baha berdiler. Şeýle hem myhmanlar saparyň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda artistleriň ýerine ýetirmeginde milli gyrgyz at üstündäki oýunlarynyň hem-de tazy itleri we aw guşlary bilen aw etmek däpleriniň görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Ýeri gelnde bellesek, Arkadag şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň Türkmenistanyň medeniýet ministri bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasynda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory bilen duşuşygynda bolsa geljekde hem atçylyk boýunça tejribe alyşmak barada söhbet edildi.

Söýenç Ahmedow

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk 

akademiýasynyň mugallymy

Çeşme: «Arkadag» gazeti

22.05.2025

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address