Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

«TÜRKMEN EDEBIÝATYNDA SERDARLARYŇ KEŞBI»

28.05.2025

596

«TÜRKMEN EDEBIÝATYNDA SERDARLARYŇ KEŞBI»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek hakyndaky tabşyryklaryny nazara alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet baştutanlygynda häzirki wagtda halkymyzyň edebi-ruhy gymmatlyklaryny toplamak we öwrenmek, Watan, il-halk üçin mynasyp işleri bitiren gahrymanlaryň, türkmen serdarlarynyň atlaryny hatyralamak hem ebedileşdirmek babatynda mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenip, ylmy taýdan beýan etmek wezipelerinden ugur alyp, ylmy işleri alyp barmakda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň hem mynasyp goşantlary bar. 

Ýokarda agzalan wezipelerden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryna, ylmy işlerine salgylanyp, institutymyzyň Diller kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Azat Gylyjowyň taýýarlan «Türkmen edebiýatynda serdarlaryň keşbi» atly ylmy monografiýasy çap edildi. Awtor giň okyjylar köpçüligine niýetlenen täze kitabynda Watan goragy, mukaddes toprak, asuda durmuş, berkarar döwletlilik ýaly şöhratly gymmatlyklara ömrüni bagyş eden taryhy şahsyýetleriň, türkmen serdarlarynyň ykballary, çeper keşpleri hakynda täzeçil edebi garaýyşlary ylmy taýdan beýan edipdir.

Täze kitapda taryhy we edebi-çeper hakykatyň sazlaşykly şöhlelenmesiniň syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda tutýan orny öwrenilýär. Türkmen serdarlarynyň gahrymançylykly taryhy keşplerini şöhlelendirmek babatda türkmen edebiýatynyň ussat ýazyjylarynyň döreden taryhy eserleriniň ähmiýeti, olaryň žanr aýratynlygy, taryhy hakykatyň çeper beýanyna öwrülen edebi-täzeçil garaýyşlaryň umumylyklary we aýratynlyklary baradaky pikirler kitabyň umumy mazmuny bilen sepleşip, özboluşly edebi sazlaşygy emele getirýär. Kitap türkmen edebiýatyny we onuň taryhyny öwrenmekde, kyssa eserleri hakynda ylmy işler ýazylanda, orta we ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaplary, gollanmalary taýýarlanylanda, ýazyjylaryň döredijiligi, edebiýat taryhy öwrenilende, ylmy-nazary çeşme hökmünde giň okyjylar köpçüligi gollanma bolup hyzmat eder.

Bu kitabyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiziň dabaralandyrylýan ýylynda – «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda neşir edilip, halkymyza gowuşmagy, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek baradaky ynsanperwer başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy dabaralandyrmak babatdaky döwlet syýasaty netijesinde, edebi mirasymyzy öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleriň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ylym bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address