Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty

“Eli hünärli Ogulabat eje - biz zenanlar üçin görelde mekdebidir”

29.05.2025

562

“Eli hünärli Ogulabat eje - biz zenanlar üçin görelde mekdebidir”

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.

       2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda “Eli hünärli Ogulabat eje - biz zenanlar üçin görelde mekdebidir” atly üme görnüşli döredijilik çäresi geçirildi.

       Döredijilik çäresine gatnaşan talyp gyzlar üme dessuryny ýerine ýetirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işleri, ýetilen sepgitleri, halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny hem-de bagtyýar döwrümiziň çeper senetçiliginiň kämil sungat derejesindäki el işleriň, ýagny keşde gaýamagyň, egin-eşik, kürte, don, tahýa tikmegiň, alaja, jorap örmegiň özboluşly usullaryny başarjaňlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyjy esasynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we hemişe rowaçlyga beslenýän asylly işleri, ömrümize ýaraşyk berýän kümüş saçly enelere we gelin-gyzlara sarpa goýmak, alym Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabynda getirilen parasatly setirler, Ogulabat ejemiziň durmuş ýörelgesi we ýerine ýetiren işleri barada ýokary okuw mekdebiň mugallymlary tarapyndan çykyşlarda aýdyň görkezildi.

  Dabaraly çäräniň dowamynda institutyň çeper höwesjeň talyp gyzlarynyň milli mirasymyza degişli folklýor çykyşlary üme dessurynyň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

 Bu çäräniň jemleýji böleginde halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky uly işleri durmuşa geçirýän hem-de döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

 Baýramgül Kulyýewa, Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address