Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

«Elektrik herekete getirijiler we elektrik enjamlary» atly okuw kitaby neşir edildi

29.05.2025

726

«Elektrik herekete getirijiler we elektrik enjamlary» atly okuw kitaby neşir edildi

Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Elektrik herekete getirijiler we elektrik enjamlary» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylara gowuşdy. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

Gurbanmyrat Gurbanmyradowyň, Usman Kerimowyň, Akmyrat Nurýagdyýewiň we Myrat Durdyýewiň täze okuw kitaby 22 bapdan, 264 sahypadan ybarat. Kitapda elektrik ululyklarynyň ölçenilişi we ölçeýji abzallar, hemişelik elektrik togunyň zynjyrlary, transformatorlar, asinhron dwigateller, sinhron maşynlar, hemişelik toguň maşynlary, elektrik herekete getirijiler, elektrik dwigatelleri we olaryň dürli häsiýetnamalary, tehniki howpsuzlyk düzgünleri barada giňişleýin maglumatlar getirilýär.

Senagatdaky we oba hojalygyndaky güýçli depginli ösüşler elektrik energiýasyny ulanmagyň netijesinde amala aşýar. Häzirki zaman ýokary derejede awtomatlaşdyrylan zawodlary we fabrikleri, desgalary, gurluşyklary, umuman, adamzadyň durmuşyny elektrik energiýasyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. «Elektrik herekete getirijiler we elektrik enjamlary» okuw kitabynyň esasy maksady bu dersi okaýan talyplara önümçiligiň elektrik enjamlaryny, elektrik herekete getirijilerini öndürijilikli we ýokary ygtybarly ulanmagyň usullaryny, ýüze çykýan näsazlyklaryny düzetmegiň we bejermegiň ýönekeý endiklerini öwretmekdir.

Bu okuw kitabynda önümçiligiň elektrik enjamlarynyň we elektrik herekete getirijileriň nazaryýetine degişli düzgünler, hasaplamalar, maglumatlar, deňlemeler, häsiýetnamalar getirilýär. Kitapda hemişelik toguň elektrik zynjyrlarynyň esasy ululyklary we olaryň häsiýetnamalary hem­de düzgünleri, üýtgeýän toguň elektrik zynjyrlary bölüminde wagta görä üýtgeýän toguň elektromagnit hadysalarynyň aýratynlyklary barada maglumatlar getirilýär. Hemişelik toguň maşynlary bölüminde olaryň gurluşy, işleýiş esaslary, işe goýberilişiniň usullary barada maglumatlar berilýär. Üçfazaly elektrik togunda üçfazaly elektrik togunyň alnyşy we onuň ulanylýan ýerleri, häsiýetnamalary, wektor diagrammalary, birleşdiriliş shemalary, kuwwatynyň kesgitlenişi beýan edilýär. Transformatorlar bölüminde bir we üçfazaly transformatorlaryň gurluşy, işleýiş esasy, iş düzgünleri, häsiýetnamalary öwrenilýär. Kitabyň elektrik herekete getirijiler bölüminde iş maşynlarynyň gurluşy, işleýiş esaslary, olar üçin elektrik dwigatelleriniň kuwwatlarynyň saýlanyp alnyşy, olaryň gyzmagynyň we sowamagynyň kanunalaýyklyklarynyň üstünde durlup geçilýär. Mundan başga­da, önümçilikde ulanylýan gyzdyryjy we sowadyjy we beýleki enjamlaryň gurluşlary we işleýiş esaslary, häsiýetnamalarynyň kesgitlenilişi görkezilýär. Gysgaça aýdylanda, bu kitapda «Elektrik herekete getirijiler we elektrik enjamlary» dersini doly özleşdirmegiň mümkinçiliklerine seredilýär.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şol ugurdan işleýän ylmy işgärler, professor-mugallymlar we hünärmenler bu okuw kitabyndan peýdalanyp bilerler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address