Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

“ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI

02.06.2025

811

“ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gurnamagynda, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda institutyň professor-mugallymlarynyň we işgärleriniň kiçi ýaşly çagaralarynyň arasynda daşary ýurt dillerinde goşgylary labyzly okamak, aýdym aýtmak, türkmen milli tanslary ýerine ýetirmek, asfaltyň ýüzünde surat çekdirmek we çeken suratynyň mazmunyny gürrüň berdirmek boýunça gyzykly bäsleşikler geçirildi.

Şeýle hem institutyň döredijilik toparynyň wäşi talyplary baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagaralar bilen gyzykly oýunlary oýnadylar, hususanda olar çagalaryň öz durmuşlaryndan gyzykly wakalaryň birini gürrüň berdirdiler. Muňa mysal edip “Meniň üçin gyzykly bolan wakalaryň biri. Käte şeýle-de bolýar....!” atly gyzykly oýny çäräni has-da şatlyk-şowhuna besledi.

Çäräniň dowamynda çagalaryň arasynda sportuň ylgaw, ýaglyk bukdy, tanap çekdi, halkaly bökmek görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirip, çagalaryň buýsançlaryny göge göterdiler. 

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda institutyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz topary tarapyndan ýurdumyzyň asudalygyny ündeýän birnäçe aýdymlar ýerine ýetirildi.

Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň jemleri jemlenilip, erjellik görkezen çagalara institutyň Kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Häzirki wagt-da hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň bagtyýar durmuşda erkana ýaşamaklary, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmaklary üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Çeşme: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address