
News
1060

Türkmenistanda çagalar we ýaş nesil barada alada etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaş nesle hemmetaraplaýyn bilim we terbiýe bermek Türkmenistanda geçirilen ähli oňyn özgertmeleriň özeni bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýaş nesliniň saglygyny goramak, onuň sagdyn ösmegini üpjün etmek we ähli çagalaryň ýokary hilli bilim almagy üçin ähli şertleri döretmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar.
Çagalar biziň geljegimiz, iň uly umydymyz we iň çäksiz şatlygymyzdyr. Biz olaryň gülküsinden, bilesigeliji gözlerinden, ýagty geljege çäksiz imanyndan, ylham we güýç alýarys. Biziň esasy wezipämiz olary söýgi we üns bilen gurşap almak, sazlaşykly ösüş üçin ähli şertleri döretmek, zehinlerini we isleglerini goldamakdyr.
Düýn, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Halkara Çagalary goramak gününde “Güneşli” çagalar we ýaşlar merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.
Merkez esasy binany, sport we medeni çäreler üçin meýdançalary, oýun meýdançalaryny we kömekçi desgalary öz içine alar. Merkezde häzirkizaman sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem ýerleşer. Bu taslamanyň aýratynlygy, kosmosa gözegçilik etmek üçin teleskoply obserwatoriýa bolar, onuň gurluşygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan maliýeleşdiriler.
Taslama çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi we zehinli ýaşlara goldaw bermek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Merkeziň düýbüni tutmak dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular we ýaşlar, metbugat wekilleri gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowe we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly we Watana wepaly bolmagy üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin öz çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Pursatdan peýdalanyp, bilim ulgamyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, durmuşa geçirmäge ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys! Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Mähriban Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
M. Pirliýewa,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe
çenli bilim bölüminiň başlygynyň w.w.ýe.ýe.