Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sport çäreleri

02.06.2025

1127

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sport çäreleri

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Ýokary okuw mekdebiniň çäginde talyp ýaşlaryň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda ýörite welosipedli ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetde ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini ulanmagyň ähmiýetini wagyz etmek, ýaşlarda welosporta bolan gyzyklanmany artdyrmak hem-de jemgyýet saglygyny pugtalandyrmak maksady bilen guramaçylykly guraldy.

Şeýle hem institutyň okuw meýilnamasynda welosportuň aýratyn orun eýeleýändigi aýratyn nygtalyp geçildi. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde hereket edýän “Olimp” ylmy-usuly merkezinde häzirki zaman ylmy-barlag enjamlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly sport bilen baglanyşykly ylmy işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda bu merkezde dünýä ülňülerine laýyk gelýän Monark LC6 görnüşli weloergometr enjamynyň esasynda türgenleriň fiziki taýýarlyk derejesini kesgitlemek, ýürek-damar ulgamynyň işjeňligini seljermek hem-de kislorod sarp edilişini ölçemek bilen baglanyşykly birnäçe ylmy-barlag işleri dowam edýär. Bu enjamyň aýratynlygy — onuň dürli tizlik we garşylyk derejesinde ýüklenme şertlerini döretmäge mümkinçilik berýändigi hem-de PWC170, VO₂ max, Harvard Step Test ýaly halkara derejesinde tanalýan fiziki mümkinçilik barlaglaryny geçirmäge amatlydygy bilen baglydyr.

Geçirilen çäreleriň netijesinde talyplaryň sporta bolan höwesiniň artmagyna, ylmy işleriň ösdürilmegine hem-de milli sport ulgamynda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna täze mümkinçilikler döredilýär.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sport çäreler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçiren «Ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa, saglygy goramagy şertlendirýän ulagyň görnüşi bolan welosipediň ajaýyplygy, çuňňur taryhy we köpugurlylygy» atly ylmy-amaly maslahat bilen utgaşdy.

Arslan MYRADOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň Ylym bölüminiň hünärmeni

Çeşmesi: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address